Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi şertnamasyna goşulmagyna degişli resminamany kabul etdi. Şeýle resminama Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin tarapyndan gol çekildi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.
– Russiýanyň Ulag ministrliginiň Russiýanyň Daşary işler ministrligi hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän degişli ýerine ýetiriji häkimiýet organlary bilen ylalaşyk esasynda taýýarlan rus tarapynyň Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi şertnamasyna goşulmagyna degişli razyçylygyny bermek hakyndaky teklibini kabul etmeli – diýlip, resminamada bellenilip geçilýär.
Şeýle hem resminamada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň şertnama goşuljakdygy baradaky habarnamany Eýran Yslam Respublikasyna ýetirmek tabşyryldy.
Türkmenistan ozal hem bu taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildiripdi. “Demirgazyk-Günorta” halkara multimodal ulag geçelgesi boýunça hökümetara şertnamasy 2000-nji ýylda Russiýanyň, Hindistanyp we Eýranyň arasynda gol çekildi. Şoňra oňa gatnaşyjylaryň sany 14-e ýetdi.
Taslamanyň maksady – Hindistanyň, Eýranyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň üstaşyr ýükleriniň Russiýanyň çäginden Ýewropa eltilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
