DÜNÝÄ

ABU-nyň Ähliumumy habarlar forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

ABU-nyň Ähliumumy habarlar forumynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Malaýziýa gelen Türkmenistanyň HHM-niň baş redaktory Tahyr Hojaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň ilkinji akylly şäheri bolan Arkadag şäherini tanyşdyrdy.

Arkadag şäheri Aşgabatdan 30 km günorta-günbatarda 1000 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýär. Arkadag şäheri, ekologiýa taýdan arassa ulagly (elektrik awtobuslary we elektrik awtoulaglary), “akylly” awtoulag duralgalary, gün panelleri, ýel turbinalary we ş.m. gurnalan, Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäherdir. Türkmenistanyň wekiliniň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlendi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň HHM-niň işi barada hem çykyş edildi. Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň wekili Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň we Türkmenistanyň bähbidi üçin alyp barýan işleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Related posts

Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

BMG-niň Baş Assambleýasyna 70 döwletiň Baştutany gatnaşýar

Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburg şäherine sapary

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment