BIZNES

Hindistan 230-dan gowrak howa menzilini gurar

Hindistanyň raýat awiasiýasynyň ministri Džiotiraditýa Madhawrao Şindiýa ýurduň 2030-njy ýyla çenli 230-240 howa menziliniň, dikuçar meýdançalarynyň we suwaerodromlarynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýändigini beýan etdi.

Bu awiasiýa pudagynda ýolagçy gatnawynyň 2013-2014-nji ýyllarda 60 million bolanlygyndan 145 milliona çenli artmagy bilen baglanyşyklydyr. Üstümizdäki ýylda ýolagçy sanynyň bir günde 460 müňe ýetmegi bilen rekord goýuldy, bu COVID-19 pandemiýasyndan ozalky görkezijilerden geçdi.

Ministriň aýtmagyna görä, ýurtdaky howa gämileriniň parky garaşylmagyna görä, 2030-njy ýyla çenli 1200-1400-e çenli artar, bu döwre çenli her ýylky ýolagçy gatnawy bolsa 3 esse artar we 420 million adama golaý bolar. Ol şeýle hem ýurtda uçarly ýük daşamalarynyň okgunly ösýändigini görkezdi.

Häzirki wagtda Hindistanda 148-e golaý howa menzilleriniň bardygyny bellemek bolar

Related posts

Türkmenistan A-98 awtobenzinini eksport edýär

Ata Watan Eserleri

Uluslararası Pamuk Fuarında 30 milyon dolarlık anlaşma imzalandı

vepa

Dünya Türkmen’lerinin Aşkabat toplantısı

vepa

Leave a Comment