Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäherim

Binalaryň dünýä ýalkymyn saçýar,

Arkadag şäherim, bagt şäherim.

Myhmanlara giňden gujagyn açýar,

Arkadag şäherim, bagt şäherim.

 

Görmäne göz gerek gözel görkiňi,

Behişden alypsyň ajap durkuňy,

Ak bagt sen, haýran edýäň her kimi,

Arkadag şäherim, bagt şäherim.

 

Seýil etseň hezil mesan mesana,

Taý gelersiň kitap kitap dessana,

Näçe ýazsam azdyr saňa waspnama,

Arkadag şäherim, bagt şäherim

 

Akylly jaýlaryň haýrana goýýar,

Şahyrlar waspyňy äleme ýaýýar,

Seni gören özin jennetde saýýar,

Arkadag şäherim, bagt şäherim.

 

Arkadaga, prezdente alkyş bar,

Bagtyýar ýurduma uly ösiş ýar,

Elmydam goýnuňda ýaňlansyn dutar,

Arkadag şäherim, gözel şäherim.

 

                                                                                          Öwezgeldi Ataýew

                                                                                    Magtymguly  adyndaky

                                                                                TDU- nyň hukuk fakultetiniň talyby

                                                                                

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi