BIZNES

Hytaý Özbegistanda iri gidroelektrik stansiýalaryny gurar

Özbegistanyň energiýa ulgamynda ilkinji gezek iri gidroelektrik stansiýalar gurlar. “Özbekgidroenergo” edarasynyň ýolbaşçysy Abdugani Sanginow bilen Hytaýyň “China Southern Power Grid International (HK) Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžan Tanži umumy bahasy 1.64 milliard dollar bolan 820 MWt kuwwatlygynda 3 sany gidroelektrik stansiýasy gurmak boýunça ähtnama gol çekdi.

Bu resminamanyň çäklerinde 200 MWt kuwwatynda, 500 MWt kuwwatynda hem-de 120 MWt kuwwatynda elektirk stansiýalary gurlup, olaryň 2030-njy ýylda doly ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Gol çekilen ähtnama laýyklykda, taraplar iş toparyny döredip, taslamalaryň tehniki-ykdysady binýadynyň işlenip düzülmegi meýilleşdirilýär. Taraplar bu taslamalara halkara bilermenleri hem çekmek isleýärler.

Bu elektrik stansiýalaryň işe girizilmegi bilen ortaça bir ýylda 3 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürilip, 835.65 million kubmetr tebigy gaz tygşytlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi