JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Saud Arabystan Patyşalygyna saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti Ahmed Mohammed Ali Al Madani bilen ýokary derejede gepleşik geçirdi.
Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň ykdysady ulgamda Yslam Ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Şeýle-de umumadamzat ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygynda bilelikde işleri ýerine ýetirmek babatda içgin pikir alyşmalar boldy.
Yslam Ösüş bankynyň Prezidenti häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde örän uly sepgitleriň gazanylýandygyny aýratyn belledi we ýakyndan aragatnaşyk saklamaga hemişe taýýardygyny aýtdy. Milli Liderimiz bank ulgamynda gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine ünsi çekip, bu ugurda Yslam Ösüş banky bilen bilelikde degişli işleriň geçiriljekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz golaýda özüniň ýazyp tamamlan we çapdan çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny hem-de Arkadag şäheriniň açylyşy bilen bagly neşir edilen «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitaby Yslam Ösüş bankynyň Prezidentine sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady