JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna badalga berildi

Şugün ir bilen Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna badalga berildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralar Arkadag şäheriniň girişindäki Akhan binasyndan başlady. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary bolup açylyş dabarasyndan pursatlary we wakalary yzygiderli okyjylarymyza ýetirip durarys.

Milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiligi we goldawy netijesinde, “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ýurdumyzda ilkinji bu şäher ajaýyp keşbe eýe boldy hem-de tehnologik üpjünçilik, ekologiýa babatda halkara standartlaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Golaýda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Onuň çäklerinde, esasan, önümçilik kuwwatlyklary gurlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.

 

habaryň dowamy iň gysga wagtda….

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady