BIZNES

Bütindünýä gümrük guramasyna täze baş sekretar saýlandy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň 141-nji/142-nji mejlislerine gatnaşdy. Çäreler Guramanyň Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşen ştab-kwartirasynda geçirildi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşi – bu Guramanyň iň ýokary karar çykaryjy edarasy bolup, ol öz mejlislerini her ýyl geçirýär. Mejlislerde agza döwletleriň gümrük edaralary tarapyndan ulanylmagy üçin degişli  çözgütler kabul edilýär. 2023-nji ýylyň mejlisinde Guramanyň Baş sekretarynyň hem-de Geňeşiň başlyklygyna dalaşgärleriň saýlawy geçirildi.

Geçirilen saýlawyň netijeleri boýunça Guramanyň täze Baş sekretary hökmünde ABŞ-dan jenap Ýan Sanders we Geňeşiniň başlygy wezipesine Günorta Afrikanyň girdejiler gullugynyň komissary jenap Edward Kiswetter saýlandy.

Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalylygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. Häzirki wagtda 185 döwlet onuň agzasy bolup durýar. Bu döwletleriň dörtden üç bölegi dünýä söwdasynyň 98%-den gowragyny amala aşyrýar.

Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky birnäçe ýylyň dowamynda ösýän häsiýete eýedir. 2021-nji we 2023-nji ýyllarda Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň iki sany halkara konwensiýalarynyň agzalylygyna kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi