SPORT

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy – saýlama duşuşyklary Merkezi Aziýada geçiriler

Merkezi Aziýa döwletleriniň üçüsi futzal boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklary kabul eder.
AFK tarapyndan 22-nji iýunda geçirilen bije çekişligiň netijesinde  «С» toparça wekilçilik edýän Gyrgyzystan bu toparçanyň duşuşyklaryny kabul eder. Toparçada gyrgyz futzalçylarynyň bäsdeşleri Eýranyň, Liwanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary bolar.
«E» toparçanyň duşuşyklary bolsa Täjigistanda geçiriler. Toparçada ýer eýelerinden başga-da, Mýanmanyň, Palestinanyň we Hindistanyň ýygyndylary yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykmak üçin göreşer.
Özbegistan bolsa «G» toparçanyň duşuşyklaryny kabul eder. Bu toparçada ýer eýelerinden başga-da, Yragyň, Malaýziýanyň we Kambojanyň ýygyndylary bar.
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama ýaryşlarda «A» toparça wekilçilik eder. Bu toparçanyň duşuşyklary Tailandda geçiriler. Toparçada türkmen futzalçylaryndan we ýer eýelerinden başga-da, Gonkongyň we Hytaýyň ýygyndylary bar.

Related posts

ABŞ-nyň daşary işler ministri Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşar

Sport dünýäsine çakylyk

Ata Watan Eserleri

Makgregor: 29-njy iýunda tutluşyga çykyp bilerin

Leave a Comment