Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew 29-njy iýunda geçirilmegi göz öňünde tutulýan döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada guramanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Habar berlşine görä, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew hem-de Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.
Bellenilip geçilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew 29-30-njy iýunda Tükrmenistanda saparda bolar.
