SPORT

Türkmen türgenleri 11 medala mynasyp boldular

Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýanyň karate-do boýunça VIII çempionatynda şowly çykyş etdiler. Çempionata 200-den gowrak türgen gatnaşyp, Türkmenistanyň ýygyndysyna 24 karateçi wekilçilik etdi. Ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň çempionatynda 11 medala mynasyp bolup, şolaryň ikisi altyn, biri kümüş, sekizisi bürünç medallardyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

16-17 ýaşly türgenleriň arasynda kata görnüşinden bäsleşen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Yslam Annaorazow ýaryşy altyn medal bilen tamamlady. 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda kumite görnüşinden 63 kg agram derejesinde güýç synanyşan Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbannazar Gurbannazarow hem iň ýokary netijäni gazanmagy başardy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arzuw Seýitgulyýew 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda kumite görnüşinden 55 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Şeýle hem Perhat Atamyradow 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda, Didar Babaýew 18 — 29 ýaşly karateçileriň ýaryşynda kata boýunça bürünç medala mynasyp boldular. Erkin Taganow (14-15 ýaşly türgenleriň arasynda, 52 kg), Röwşen Ataýew (16-17 ýaşly türgenler, 55 kg), Daýanç Orazdurdyýew (16-17 ýaşly türgenler, +76 kg), Ýusup Garajaýew (18 — 29 ýaşly türgenler, -55 kg), Dawut Nazmyradow (18 — 29 ýaşly türgenler, -84 kg) hem-de Şanepes Hudaýberdiýew (18 — 29 ýaşly türgenler, +84 kg) dagy kumite boýunça bürünç medallary eýelediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy