BIZNES

Koreý kompaniýasy Türkmenistan bilen gämi gurluşygynda bilelikdäki kärhanany döretmegi teklip edýär

 “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamy barada,  gelejekde milli deňiz söwda flotuny, port ulgamyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulýan gämi gurluşyk taslamalary bilen giňişleýin tanyşdyrylyp, ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy teklip edildi.

KOMEA – Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlarynyň öwreniş assosasiýasy bolup, Koreýanyň Söwda, Senagat we Energetika ministrligine degişlidir. Assosasiýanyň agzalary 285-den gowrak agyr senagat önümçilik kompaniýalardan ybarat.

Şeýle hem, duşuşygyň barşynda myhmanlar assosasiýasynyň ýerine ýetirýän wezipesi, Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolup biljek ugurlary, strategiki hyzmatdaşlygy, gury ýük we parom gämilerini bilelikde taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň, gämi gurluşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, enjamlary üpjün etmegiň mümkinçilikleri, zawodyň alyp barýan işlerini sanlaşdyrmak, hil taýdan dolandyryş ulgamyny we marketing işlerini ýola goýmak, zawodyň desga we enjamlary tehniki gözegçiliklerini ýerine ýetirmek barada belläp geçdi.

Şeýle-de, gelejekde bolsa “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda Hazarýaka gämi gurluşyk senagaty, aýratynlykda deňiz ulaglary üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edýän Merkezi (Hub) döretmegiň mümkindigini bellenildi. Şeýle-de myhmanlar mümkin bolan halatynda “Balkan” gämi gurluşyk zawody bilen koreý kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmegi hem teklip berdiler.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär