Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji 14-17-nji iýuny aralygynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän XXVI Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlisiň sessiýalarynyň birinde çykyş eder. Şeýle hem Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar.
XXVI Peterburg halkara ykdysady forumy dünýädäki iň uly we iň möhüm ykdysady wakalardan biridir. Forum 25 ýyl bäri dünýä ykdysadyýetiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin iň oňat dünýä tejribesini we başarnyklaryny paýlaşmak üçin öňdebaryjy ählumumy meýdança öwrüldi.
