SPORT

“CAFA Nations Cup”: ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “CAFA Nations Cup” halkara ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndy toparyndan ýeňlişe sezewar boldy. Daşkent şäheriniň «Bunýodkor» stadionynda geçirilen duşuşykda özbek futbolçylary jogapsyz toplaryň ikisini geçirmegi başardylar.

«A» toparçanyň beýleki duşuşygynda Omanyň ýygyndysy täjigistanly garşydaşlary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Geçirilen iki tapgyrdan soň 6 utukdan toplan Özbegistanyň ýygyndy topary birinji orny eýeleýär. 2 utugy bolan Täjigistanyň ýygyndysy ikinji, 1 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary degişlilikde üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.

17-nji ýanwarda üçünji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, Türkmenistanyň ýygyndysy Omanyň, Özbegistanyň ýygyndysy bolsa Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

“CAFA Nations Cup-2023” halkara ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşigi bir aýlawdan geçirilýändigini bellemek gerek. Toparçalaryň ýeňijileri finalda, ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa üçünji orun ugrundaky duşuşyga gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Related posts

Real Madrid topary Karim Benzemanyň gidýändigini habar berdi

Messi Azerbaýjana bardy

FIFA 2020-iň iň gowy 10 oýunçysy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment