DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Nýu-Ýorka sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew 19-20-nji iýun aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda terrorçylyga garşy göreş boýunça hepdeligiň çägindäki çärelere gatanaşar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahaty, 19-20-nji iýunda geçiriljek “Köp taraplaýyn we institusional hyzmatdaşlygyň üsti bilen terrorçylyga garşy göreş” mowzugyna bagyşlanar.

Maslahatda agza döwletler, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, halkara we sebit guramalary, raýat jemgyýeti guramalary üçin maglumat we öňdebaryjy tejribe alyşmak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy global strategiýasynyň dört ugry boýunça terrorçylyga garşy ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikler barada pikir alşylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň öňde boljak çärelere gatnaşmagy Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bu çäreleriň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri