MEDENIÝET

Aşgabatda rus kinolarynyň hepdeligi başlady

Düýn paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” kinoteatrynda “Russian Film Festival” ady bilen rus kinolarynyň hepdeligi başlady. Bu taslama Türkmenistanyň we Russiýanyň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan goldanylyp, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, “Roskino” hem-de “Rossotrudniçestwo” edaralarynyň gurnamagyna geçirilýär.

Hepdeligiň çäklerinde görkeziljek filmleri maşgala bolup görmek mümkinçiligi bardyr. Bu döwürde dürli filmler, multfilmler hem-de animasion filmler görkeziler.

Kino hepdeliginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary we “Rossotrudniçestwo” edaralarynyň Türkmenistandaky wekili Ýuliýa Zaýsewa bu çäräniň 12-nji iýunda bellenilip geçilýän milli baýram – Russiýanyň gününe bagyşlanyp geçirilýändigini belledi.

Şeýle hem ol “Aşgabat” we “Berkarar” kinoteatrlarynda filmleriň mugt görkeziljekdigini aýdyp, munuň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna we onuň myhmanlaryna sowgady bolup durýandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy