MEDENIÝET

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek türki döwletleriň medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türki döwletleriň medeniýet hepdeligini Türkmenistanda 24-29-njy iýun aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Hepdeligiň çärelerine Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-yň sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Related posts

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy gysga metražly film bäsleşigini geçirýär

Türkmenistan “Korkut ata” film festiwalyna gatnaşýar

Leave a Comment