DÜNÝÄ

Ärdogan Žaparowy wezipesine girişmek dabarasyna çagyrdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Sadyr Žaparow özüniň türkiýeli kärdeşini prezident saýlawlaryna gazanan ýeňşi bilen gutlady we türk halkyna geljekde gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz gezeginde mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Sadyr Žaparowy wezipesine girişmek dabarasyna çagyrdy.

Iki ýurduň Baştutanlary gyrgyz-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy boýunça duşuşyk

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Kataryň döwlet ministri bilen duşuşygy

Leave a Comment