2023-2024-nji okwu ýylyndan Türkmenistan bilen Rumyniýa talyp hakynyň möçberini artdyrdy. Bu barada Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.
Hödürlenýän talyp haklarynyň möçberiniň artdyrylmagy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň degişli ministrliginiň arasynda gol çekilen täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, 26-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekipdiler.
MAHABAT
Daşary ýurtda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Telefon belgileri:
+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55
e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com
Web: www.makulhyzmat.com
Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401
