DÜNÝÄ

Tokaýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi”  sammitine gatnaşar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi”  sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

– Kasym-Žomart Tokaýew 2-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynda Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek  “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi”  ikinji sammitine gatnaşar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” liderleriniň ilkinji mejlisi 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilipdi.

19-njy maýda Almaty şäherinde  «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumy geçirildi. Bu forumyň maksady Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hereket edýän başlangyçlar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kabul edilen strategiýalar esasynda, “ýaşyl” we “sanly” ulgama geçmek, işewürlik gurşawy, söwda we arabaglanyşyk mümkinçilikleri gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklary berkitmekden ybarat bolup durýar.

Ýene-de okaň

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanadaky «Regional Eco Summit 2026» sammitine gatnaşdy

Türkmenistan-Azerbaýjan energetika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy