SPORT

Aşgabatda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

Şu ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolan bu abraýly ýaryşyň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi