BIZNES

Syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 5 trillion dollar bolar

Şu ýyl tutuş dünýäde syýahatçylyk gezelençleriniň sany 10.78 milliard ýeter. Bu babatda 2023-nji ýylyň bütindünýä syýahatçylyk ykdysadyýetiniň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, üstümizdäki ýylda syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 5 trillion dollara barabar bolup, 2019-njy ýyldaky derejesinden has köp bolar.

2022-nji ýylda tutuş dünýäde syýahatçylyk gezelençleriniň sany 9,57 milliarda ýetip, umumy girdeji 4,6 trillion dollara deň boldy.

Syýahatçylyk ykdysadyýeti kem-kemden täzeden dikelýär. Ählumumy syýahatçylyk pudagynyň has köp möçberde ösmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

500 baýyň baýlygy 10 trillion dollardan geçýär

Türkmenistan’da pamuk ekimi başladı

vepa

Leave a Comment