BILIM

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi “Açyk gapylar” gününi yglan edýär.“Türkmenistan  gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 20232024nji okuw ýylynda okamaga isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 19njy maýynda geçirilýän «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Şol gün ýaşlar TDÝSM bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryňýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilerler.

«Açyk gapylar» güni sagat 10:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 1984-nji köçesiniň (Puşkin) 22-nji jaýy

Telefon belgisi  92-52-19.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy