Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Hasabat döwründe maslahatlaryň ikisi geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Hukuk namalarynyň hatarynda umumyhalk maslahatynda makullanan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary bar. Hereket edýän kanunlary halkara ülňülere hem-de Konstitusion kanunlaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” we “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, gozgalmaýan emläge degişli başga desgalaryň paýly gurluşygy, şähergurluşyk işi, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly degişli kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dört aýyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça 20-den gowrak duşuşyk geçirildi. Milli parlamentariler ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Garalýan döwürde deputatlar birnäçe daşary ýurt döwletlerine iş saparlaryny amala aşyrdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň 12-nji plenar mejlisine gatnaşandygy barada habar berildi.