HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baş maliýe meýilnamasyny “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” garaşylýan hasaplama görkezijilerinden ugur alyp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary, maglumatlary taýýarlamagyň tertibidir möhletleri kesgitleniler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, ýurdumyzyň durnukly makroykdysady ýagdaýyny saklamak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ýaly wajyp wezipelerden ugur alynmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasyny işläp taýýarlamak, şol sanda degişli düzümler bilen seljerme işlerini geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry, ahalteke bedewleriniň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň baýramçylyk çykyşlary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi. Assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem türkmen we daşary ýurt raýatlaryny assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek dabaralary geçirildi.

Baýramçylyk maksatnamasyna laýyklykda, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýraklar gowşurylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bedewleriň ähli döwürlerde halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy bolandygyny belledi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe güni — 30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden, dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň durmuşynda bedewler möhüm orny eýeleýär. Behişdi bedewlerimiz gadymy topragymyzyň gudratydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly atşynaslara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwlaryny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri, gowaça ekişi dowam edýär. Gowaça ekilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy, ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini geçirmek, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümindäki kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, olary zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileriň himiýa önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň hem-de olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň möhümdigini belledi we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalary, senagat we gurluşyk toplumynyň beýleki önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, birnäçe energetika desgalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda bu pudaga möhüm orun degişlidir. Görülýän çäreler durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp wezipelerini çözmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen şygar astynda geçiriljek halkara forumda ýurdumyzyň kuwwatyny üstünlikli görkezmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyza öz gazananlaryny görkezmäge, eksport kuwwatyny artdyrmaga, tejribe alyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleri berýändigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Indiki aýyň dowamynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy we “Soňky jaň” dabarasy, Türkmen halysynyň baýramy, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaralar, baýramçylyk duşuşyklary, forumlar, sergiler we konsertler geçiriler. Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly sergi, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginde “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçiriler.

Paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde Açyk halkara internet olimpiadalaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de täze desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maý aýynda geçiriljek baýramlara, halkara forumlara we täze desgalaryň açylyşyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şanly senelere we wakalara gabatlanan dabaralar häzirki taryhy döwrüň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidir, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň many-mazmunyny şöhlelendirmelidir. Şol syýasatyň esasy maksady bolsa halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Milletiň baý mirasyny, onuň döredijilik däplerini giňden wagyz etmäge we medeni-ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen goran Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylardyr weteranlar barada döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn alada ediljekdigini belledi we meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, forumy 3-4-nji maýda Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymlaýyn ugurlar boýunça möhüm transmilli ýollaryň merkezine öwürýär, ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip nygtady.

Meýilleşdirilýän halkara forum we sergi ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwer kömegini iberdi

Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslhatlaşyldy

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwer kömegini iberer

Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri