JEMGYÝET

Türkmenistana täze “Airbus” getirildi

Türkmenistana Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «Airbus 330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçary getirildi. Täze uçar Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýük uçar 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Fransiýanyň «Airbus S.A.S» bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda iki sany ýük uçaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda satyn alyndy. Nobatdaky uçar «Airbus» kompaniýasynyň Türkmenistana iberen ikinji ýük uçarydyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, şeýle görnüşli ýük uçaryň ilkinjisi mart aýynda Aşgabada getirilipdi. «Airbus A330-200P2F» dürli konfigurasiýaly ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilendir. Daşalýan ýükleriň agramy 61 tonna ýetip biler. Şeýle uçarlar bilen ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bardyr. Şol bir wagtyň özünde, her bir tonna ýüki eltmegiň bahasy ep-esli azalýar.

2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Aziýa dowletleriniň Wiýetnam Sosialistik Respuplikasyna, Koreýa Respublikasyna ýük gatnawlary ýola goýuldy. Şeýle hem Ýewropa döwletlerine hususan hem Çehiýa Respublikasyna Germaniýanyň Frankfurt şäherine  ýük gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Gül bilen güldan bile ösýär

Ata Watan Eserleri

Paýtagtymyzda söwda toplumynyň sergisi geçirilýär

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Leave a Comment