BIZNES

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistana 8 milliard dollar maýa goýar

Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda çykyş eden Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Ahmed bin Said Al-Maktum öz çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýynyň emele gelendigini belledi.

“Orient” neşiriniň habaryna görä, ol “Dragon Oil” kompaniýasynyň Türkmenistandaky nebit ýataklaryny özleşdirmek işine işjeň gatnaşýandygyny belläp, 23 ýyldan gowrak wagtdan bäri bilelikdäki işiň netijesinde 8 milliard dollardan gowrak maýa goýumlaryň goýlandygyny belledi.

Ahmed bin Said Al-Maktum öňümizdäki 15 ýylyň dowamynda hem ýene-de şonça möçberde maýa goýumlaryň özleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Şeýle hem ol energetika pudagynda düýpli özgerişlikleriň geçirilýändigini belläp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hem aýratyn ähmiýet berilýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň hem bu ugurdaky başlangyçlaryny goldaýandyklaryny belläp, Ahmed bin Said Al-Maktum BAE-niň Gün, wodorod ýaly alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligi boýunça tejribesiniň uludygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar