BIZNES

“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy

2022-nji ýylda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 5 milliard kubmetr töweregi tebigy gaz satyn aldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin “TASS” habarlar gullugyna beren interwýusynda belläp geçdi.

2021-nji ýylda rus kompaniýasy Türkmenistandan 10 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alypdy.

– 2022-nji ýylda “Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetr töweregi tebigy gaz satyn aldy. Biziň Türkmenistan bilen şertnamamyz 2024-nji ýyla çenlidir. Goşmaça möçberler Türkmenistanyň şertnamadan daşary näçe iberip biljekdigine baglydyr – diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem ol Russiýanyň we Türkmenistanyň ýerasty tebigy gaz desgasyny gurmak babatda ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny belläp, bu barada gepleşikler dowam edýändigini aýtdy.

Related posts

«Mähirli dogan» üzärlikli sabyn öndürýär

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: gyrgyz işewürleri dokma önümlerini satyn aldy

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda dökün öndürer

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment