JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işinde täze sepgitleri arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Goý, älemi öwrenmäge we özleşdirmäge, giň jahanymyza akyl ýetirmäge goşant goşýan hünär işiňizde Size hemişe üstünlik hemra bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz öz hatynda belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy