MEDENIÝET

Merkezi Aziýa we Hindistanyň medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hindistanyň medeniýet ministrleriniň birinji onlaýn duşuşygy geçirildi. Hindistanyň medeniýet ministri Kişan Reddiniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem gatnaşdy.

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilen Hindistan-Merkezi Aziýa sammitinde mednei hyzmatdaşlyga hem aýratyn orun berlipdi. Şunuň bilen baglylykda, bu gezekki duşuşyk 6 döwletiň baştutanlarynyň çözgüdi esasynda geçirilip, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlandy.

Oňa gatnaşan ministrler şu nukdaýnazardan gatnaşyklary ilerletmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar we Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň taryhy we medeni arabaglanyşygy barada mysallar getirdiler.

Taraplar her ýir ýurduň we bilelikde medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek babatda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň düzülmegi babatda ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär