Ata Watan Ylhamy

Ata Watan Ylhamy : Ylhamyň setirlerde beýany

Hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň okyjylary! Biz sizi  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ylhamly göwünlere  ganat berjek ýene-de bir täze bölümimiz bilen begendirmek isleýäris. Saýtymyzda täze açylýan “Ata Watan ylhamy” atly bu bölüm şygryýet dünýäsiniň häzirki ylhamy, döwürdeş şahyrlarymyzyň iň ajaýyp goşgularyny siziň bilen paýlaşar. Redaksiýamyzyň salgysyna gelýän goşgular seljeriler we iň mynasyplary sahypamyzda goýular. Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir. Adyňyz, familýaňyz  e-mail salgyňyzda hökman görkezilmelidir. Eger  isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy.

“Ata Watan Ylhamy” sahypamyzyň aşagynda her bir goşgy/goşgylar üçin ýörite “teswir” bölümi açyldy.  Okyjylar goşgular baradaky öz pikirlerini we belliklerini goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilerler.

Goşgular baradaky pikirleriňize we edebi tankytlaryňyza garaşýarys!

Ýene-de okaň

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri