SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambulyñ çigildem möwsümi

Stambula ýaz paslynyñ gelendigini buşlaýan çigildem möwsüminde, şäheriñ seýilgähleri we bossanlary müñ dürli öwüşginlere beslenýär. Aprel aýynda Stambul şäheriniñ ähli ýerlerinde al-elwan açylan çigildem güllerini görmek adaty bir wakadyr.

Şäheriñ meşhur künjekleriniñ biri hasaplanýan Soltan Ahmet meýdançasyna owadanlygy bilen haýrana goýýan güllerden haly düşelýär. Bu bolsa ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly-da, Gülhane seýilgähinde, Soganly botanika seýilgähinde, Emirgan, Ýyldyz, Beýkoz, Fethipaşa, Hidiw Kasry, beýik we kiçi Çamlyja baglarynda hem çigildem güllerini görmek mümkin.

Merkezi Aziýanyň Pamir daglaryndan Türkler tarapyndan Anadola getirilip ýaýradylan çigildem gülleri, Türk medeniýetiniň iň möhüm simwoly hasaplanýar. Soganpisint ösümlikleriñ biri bolan çigildemler XII asyrdan bäri senetlerde bezeg hökmünde ulanylyp başlanýar.

Esasan ýabany hasaplanýan çigildemler XVI asyrda Osmanly imperiýasynyñ paýtagty Stambulda enaýy güle bildirilýän isleg barha artýar we basym ilat onuñ tohumyny ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyryp ugraýar. III-nji Soltan Ahmediñ hökümdarlyk eden döwründe, ýagny XVIII-nji asyryñ başynda “Çigildem Eýyamy” diýip atlandyrylan döwürde çigildemleriñ görnüşi takmynan iki müňe barabar bolupdyr.

Türk medeniyetinde ähmiýetli oruna eýe bolan çigildem gülüniñ tohumy XV asyryñ ıkinji ýarymynda Awstriýanyň Wena şäherine, soñra bolsa Gollandiýa eltilýär. Şeýlelik bilen, Ýewropada we bütin dünýäde meşhurlyk gazanýar.

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar