SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna girişildi.

Bu möhüm lukmançylyk desgalarynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşan Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda täze we döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurulmagynyň dowam etdiriljekdigini belledi.

– Biz halkymyzyň saglygy bilen bagly alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de netijeli dowam etdireris. Täze-täze lukmançylyk edaralaryny gurarys. Ýakyn ýyllarda Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalaryny, paýtagtymyzda wirusologiýa merkezini, lukmançylyk orta okuw mekdebini bina ederis. Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze binalaryny gurarys. Bu saglygy goraýyş edaralaryny döwrebap lukmançylyk enjamlary we ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün ederis diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Related posts

Täze okuw ýyly: öňüni alyş we zyýansyzlandyryş çäreleri

Ata Watan Eserleri

Bu ösümlik koronowirusyň emi bolup biler

Germaniýadan 375 million ýewro goldaw

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment