DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy

Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bagyşlanyp, bilelikdäki beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilligi habar berýär.

Gol çekmek dabarasy 2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik welikhanasynda geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Aksoltan Ataýewa hem-de Keniýa Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Martin Kimani çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy hem-de halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary berkitmek üçin özara gyzyklanmalaryň bardygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada pikir alşyp, Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň BMG-niň gün tertibindäki meseleler boýunça bähbitlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Moskwa şäherinde «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Koronawirus barada film

Leave a Comment