JEMGYÝET

Türkmenistan bilen FAO täze resminamalara gol çekdiler

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şol maslahatyň ahyrynda  Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň degişli sebit düzüminiň arasynda sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy