JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy türk işewürlerini hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň arasynda işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysayd ulgamdaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýändiklerini belledi.

Haryt dolanyşygynyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy bular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň energetika, ulag-kommunikasiýalary, maýa goýumlary, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmalaryny şertlendirýändigini belläp, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen iri taslamalara gatnaşmagyň türk işewürleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysayd gatnaşyklaryň ösdürmegiň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň bu toparyň öňümizdäki 7-nji mejlsini, şeýle hem türkmen-türk işewürler forumyny geçirmäge taýýardygyny nygtady.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär