DÜNÝÄ

Aşgabatda 6-njy halkara awtoulag ýörişini guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň Başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşi bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, ählumumy ulag dialogyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşygy, ulag pudagynyň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen Milli toplumlaýyn maksatnamalary agzalyp geçildi, içerki ulag ulgamyny halkara ulag düzümine goşmak üçin bar bolan torlary giňeltmek we täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmek, multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň ýurdumyzda döredilmegi boýunça pikir alşyldy.

GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň çärelerini taýýarlamak we geçirmek, şeýle hem onuň ýakyn wagtda meýilleşdirilýän 46-njy mejlisini, Aşgabatda halkara ylmy we amaly maslahaty we 6-njy halkara awtoulag ýörişi guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu nukdaýnazardan B.Karimow, halkara ulag geçelgeleriniň, awtoulag ýollarynyň ýagdaýyny we ösüşini gowulandyrmaga, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek şeýle hem ulag we ýüklerdäki päsgelçilikleriň sanyny azaltmaga ýardam etmäge gönükdirilen 6-njy halkara awtoulag ýörişiniň ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşygyň jemlerinde taraplar ýakyn wagtda çäreleri bilelikde gurnamak hem-de geçirmek babatynda hyzmatdaşdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar