DÜNÝÄ

Blohin: Türkmenistan Russiýanyň strategik hyzmatdaşy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň Türkmenistanyň metbugatynda çap edilen çykyşynda Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan wagtyndan bäri Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşy bolmagynda galýandygy bellenilýär.

Bu çap edilen makalada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berlipdir.

Şol makaladan käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • Rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň umumy şertnama binýady halkara ylalaşyklaryň 360-dan gowragyndan ybaratdyr.
  • Geçen ýylyň 10-njy iýunynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi.
  • Russiýa Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär.
  • Statistiki maglumatlara görä, diňe geçen ýylyň dokuz aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 1,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
  • Türkmen bazarynda iri rus ykdysady operatorlarynyň onlarçasy işlemegini dowam edýär. Şolaryň hatarynda «Gazprom», «KamAZ», «Tatneft», «Wozroždeniýe» ýaly kompaniýalar bar.
  • Sebitara gatnaşyklarda-da rus-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm binýady kemala getirildi. Şunda Russiýanyň Astrahan we Çelýabinsk oblastlary, Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg ýaly subýektleri bilen özara gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşmaça itergi berýär.
  • Ykdysady gün tertibi saglygy goraýyş we howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ýaly ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň möhümligini aradan aýyrmaýar.
  • Türkmenistan koronawirusa garşy «Sputnik V», «EpiWakKorona», «Sputnik Laýt» ýaly rus waksinalaryny ilkinjileriň hatarynda öz çäginde bellige alyp, ilaty immunizasiýalaşdyrmak üçin olaryň bir milliondan gowrak dozasyny satyn aldy.
  • ki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesi olaryň «strategik hyzmatdaşlar» diýlip atlandyrylmagyna doly gabat gelýär.
  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda Türkmen-rus uniwersitetini açmak, A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak bilen bagly başlangyçlary RF-niň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan goldanyldy.
  • Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi üstünlikli hereket edýär.
  • Häzirki wagtda iki ýurduň ugurdaş edaralary bu mekdebiň başlangyç synp okuwçylar üçin niýetlenen goşmaça binasyny gurmak meselesini öwrenýärler.

Ýene-de okaň

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi