DÜNÝÄ

GDA-nyň synçylar topary Türkmenistandaky saýlawlara gatnaşar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşar. Synçy toparyna GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

– Türkmenistanda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary üçin bu ýurda gitjek GDA-nyň synçylar toparyna guramanyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Onuň dalaşgärligi Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleri hemişlik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan tassyklandy – diýlip metbugat beýanatynda bellenilýär.

Metbugat beýanatynda bellenilip geçilişine görä, GDA-nyň synçylar topary ozalky saýlaw möwsümlerindäki ýaly öz işlerini alyp bararlar. Synçylar topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanda bolarlar.

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary 26-njy martda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ysraýyl Döwletiniň ilçisi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda taslama durmuşa geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ermenistan yeni büyükelçi atadı

vepa

Leave a Comment