SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze ugurlara halkara uçar gatnawlary açylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynda 2022-nji ýylda gazanylan netijelere bagyşlanan mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, täze ugurlar boýunça halkara uçar gatnawlary açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikeltmek ugrunda tagalla edýär.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Stambul, Russiýanyň Moskwa, Tatarystanyň Kazan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherlerine adaty halkara uar gatnawlaryny ýola goýdy we olaryň ýygylygyny yzygiderli artdyrýar.

Şol bir wagtda Türkiýäniň “THY” awiakompaniýasy, Belarusyň “Belawia”, Dubaýyň “Flydubai” ýaly awiakompaniýalary ýurdumyzda howa gatnawlary ýola goýdy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris