DÜNÝÄ

Türkmenistan Brýusselde Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy

Belgiýa Patyşalygynyň paýtaty Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň adyndan daşary işler ministri Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Çäräniň gün tertibine Owganystandaky häzirki ýagdaýyň çäginde sebit howpsuzlygy we owgan halkyna yzygiderli kömek bermek üçin taraplaryň hyzmatdaşlygy meseleleri girizildi. Brýussel ýygnagyna gatnaşyjylar Owganystandaky dowamly parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýandyklaryny tassykladylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystanda uzakmöhletli durnuklylygy ýola goýmakdaky ähmiýeti we owgan halkyna halkara ynsanperwer kömeginiň netijeli berilmegi aýratyn bellendi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar bilelikdäki beýannama kabul etdiler.

Related posts

Täjigistan bilen Gyrgyzystan döwlet serheti boýunça şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa gatnaşyklary berkidilýär

Angliýanyň baý türgenleri

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment