Aşgabatda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýanyň Türkmenistan bilen gümrük gözegçiligini we wiza düzgünini ýönekeýleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu barada Misuştin türkmen-rus işewürlik forumynda eden çykyşynda belledi.
Mihail Mişustin eden çykyşynda: “Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde gümrük, weterinariýa we fitosanitar gözegçilik işlerini ýönekeýleşdirmek, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine garamaga taýýar” diýip belledi.
