SPORT

Italiýanyň “Naýbaşysy” – “Inter”

Italiýanyň Superkubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Inter” bilen “Milan” toparlary duşuşdy. “Milan” toparyny 3:0 hasabynda ýeňen “Inter” topary bassyr 2 ýyldan bäri Italiýanyň Naýbaşy kubogyny gazanmak üstünligine eýe boldy.

Italiýanyň Superkubogynyň final duşuşygy Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki Patyşa Fahd stadionynda geçirildi. Ispaniýanyň Superkubogynyň duşuşygy hem bu ýurtda geçirilipdi.

Duşuşykda Federiko Dimarko, Edin Jeko we Lautaro Martines tapawutlandy.

“Milan” topary ýurduň çempiony, “Inter” bolsa, Italiýanyň Kubogynyň ýeňijisi hökmünde bu duşuşykda oýnamaga hukuk gazandy.

Italiýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryş 1988-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu kubogy iň köp “Ýuwentus” topary gazandy. Onuň kuboklarynyň sany 9-a deňdir. “Inter” topary bolsa, 7-nji gezek Naýbaşy kubogyň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy