HABARLAR

USAID ekologiki auditi baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyny goldaýar

 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID), “Tebigy Kuwwat” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary we hususy kärhanalar üçin 2019-njy ýylda kabul edilen “Ekologiki auditi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek boýunça bir günlük tegelek stoluny geçirdi.

USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýerine ýetiriji direktory Luis Rivera şeyle diýdi: “USAID-iň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy degişli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde hem-de Türkmenistanyň ösüş maksatnamalaryna ýardam berýän döwrebap ekologiki kadalaryny işläp düzmekde Türkmenistanyň hökümeti we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, 2023-nji ýylda Türkmenistanda ekologi auditorlary sertifikatlaşdyrmak we olaryň degişli talaplaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namany bilelikde işläp taýýarlamagy meýilleşdirilýär”.

Teklip edilýän kadalaşdyryjy hukuk nama Ekologiki auditi hakyndaky kanunyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar we Türkmenistanyň bu babatda halkara kadalaryna laýyk gelmegine ýardam berer. Bu başlangyç, şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň we USAID-iň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, daşky gurşaw töwekgelçiliklerini netijeli azaltmak we umumy tebigy baýlyklary netijeli dolandyrmak maksatlaryna laýyk gelýär.

Tegelek stoluň dowamynda döwlet edaralarynyň wekilleri bu kadalaşdyryjy hukuk namanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de netijeli pikir alyşdylar. Degişli teklipler kabul edilenden soňra hukuk namanyň taslamasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna geçiriler.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

###

USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi.  Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional  web-sahypasyna giriň.

Ýene-de okaň

Aşgabatda döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwer kömegini iberdi

Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslhatlaşyldy

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwer kömegini iberer

Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri