BIZNES

Az kükürtli ýangyç mazudy uly islege eýe boldy

Az kükürtli ýangyç mazudy (her tonnasy – $398,50) we jemleýji nebit koksy (her tonnasy -11,2 müň manat) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşyndauly islege eýe boldy.

Wirgin adalaryna we Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik edýän alyjylar Türkmenbaşydaky NGI zawodlar toplumy bilen az kükürtli ýangyç mazudynyň 30 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleribaglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy $11,9 mln. deň boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçi “Türkmennebit” konserni bilen 1 müň tonna jemleýji nebit koksuny satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy möçberi – 11,2 mln TMT boldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 geleşik baglaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy