SPORT

Türkmenistanyň zenan futbolçylary täze ýaryşlara taýýarlanýar

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar topary 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşa ilkinji gezek gatnaşar.

Pariž – 2024 Olimpiadasyna Aziýadan zenanlar toparlarynyň arasynda saýlama oýunlara iň kän – 31 ýygyndy gatnaşar. Olardan 26-sy ýaryşyň birinji tapgyrynda 7 toparça bölüner. 5 toparçanyň hersinde dört, ikisiniň hersinde 3 topar bolar.

Aziýada Olimpiada zenanlar toparlarynyň saýlama oýunlarynyň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň 3 – 11-nji aprelinde bir aýlawda merkezleşdirilen düzgünde geçiriler.

Kamil Mingazow ýurdumyzyň milli we ýaşlar (U-20) ýygyndylarynyň baş tälimçisi hökmünde türkmen futbolçy zenanlaryny ýylyň bu wajyp ýaryşyna taýýarlar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2023-nji ýylda onuň bilen şertnamany uzaltdy. 54 ýaşly bu zehinli hünärmen Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda 2016-njy ýyldan bäri netijeli işläp gelýär. 2017-nji ýylda zenalar toparymyzy Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň futzal ýaryşyna, şondan bir ýyl soň bolsa Bangkokda geçen futzal boýunça Aziýa çemňionatyna saýlama ýaryşa ilkinji gezek gatnaşypdy.

2023-nji ýylda türkmen zenan futbolçylary has köp ýaryşa gatnaşarlar. Olimpiýa oýunlary-2024-e saýlama oýunalrdan başga-da, zenanlar toparlarymyz gyzlaryň arasynda U-20 we U-17 Aziýa çempionatyna saýlama oýunlara gatnaşarlar, olar degişlilikde mart aýynda Bangladeşde hem-de aprelde Singapurda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri