BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamyndaky taslamalary çaltlandyrar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda gaz boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky taraplaryň garaýyşlary iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gol çeken bilelikdäki beýannamasynda hem orun aldy.

Bu beýannamada bu barada şeýle diýilýär:

– Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belleýärler. Toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň şu ugrunda — önümçilikde, turba geçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde degişli guralyň döredilendigini belleýärler. Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine eýerip, taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi