DÜNÝÄ

Türkmen diplomatlary Arkadag şäheri bilen tanyşdylar

Mälim bolşy ýaly, Gökdepe etrabynyň çäginde umumy meýdany 1002 gek-tar bolan ýerde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Ahal welaýatynyň täze, döwre-bap edara ediş merkeziniň gurluşykla-ry tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ildeşlerimiziň arzuw-islegleri esasynda «Arkadag» diýlip at berlen şäheriň birin-ji tapgyrynda ýaşaýyş-durmuş, medeni, sport maksatly binalardyr desgalaryň jemi 336-sy ulanmaga berler.

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolmagy täze welaýat merkeziniň esasy aýratyn-lygydyr. Bu ýerde tebigy gözelligi saklap galmak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanylýar. Sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylyp, «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçiriler.

Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglaryň — elektrobuslardyr elekt-romobilleriň hereketi ýola goýlar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşlygyň barşynda ýurdumyzyň ilçilerine Arkadag şäherinde bina edilýän desgalaryň aýratynlyklary barada jikme-jik gürrüň berildi. Hususan-da, türkmen diplomatlary meşhur Akhan monumentiniň, döwlet sirkiniň, muzeýiň, sport meýdançalarynyň, kottejleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşyklaryny ýakyndan synladylar.

Häzirki günlerde Aşgabatda bolýan doly ygtyýarly wekille-rimiziň täze şähere aýlanyp görmekleri bolsa olara bu taslamanyň giň gerimine hem-de mümkinçiliklerine doly göz ýe-tirmäge, desgalaryň aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşmaga amatly pursat boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri