DÜNÝÄ

Horwatiýa ýewro pul birligine geçdi

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Horwatiýa üçin täze döwür başlandy. Bu ýurt Şengen zolagyna goşulyp, ýewro pul birligine geçdi. Şeýlelikde, Horwatiýa kuna milli pul birligi ýerine ýewro ulanmaga başlar.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Zagreb şäherine baryp, bu barada geçirilen dabaralara gatnaşdy. Horwat paýtagtynyň adamlary esasy meýdança ýygnanyp, bu baýramçylygy belledi. Ursula fon der Lýaýen we Horwatiýanyň premýer-ministri Andrej Plenkowiç bilen bilelikde dabaralara tomaşa etdi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mundan soňky horwat nesilleriniň Şengen zolagynda ulaljakdygyny belläp, olaryň erkin syýahat edip, erkin söwda işlerini ýerine ýetirip biljekdigini mälim etdi.

1-nji ýanwardan horwat raýatlary üçin pasport gözegçiligi 58 nokatda ýatyryldy.

Related posts

Hytaý-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriň duşuşygy geçirildi

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Synaglar onlaýn geçiriler

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment