Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soňra bu çempionatda gowy oýun görkezen käbir futbolçylaryň bahasy gymmatlady. Çempionatdan soňra iň gymmat futbolçy Kilian Mbappe boldy. Ol özüniň ýaş bäsdeşlerinden Erling Holanddan geçdi.
“Transfermarkt” neşiriniň habaryna görä, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappeniň bahasy 180 million ýewro deň boldy. Häzirki wagtda “Mançester Siti” toparynda çykyş edip, dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmedik Erling Holandyň bahasy 170 million ýewro deňdir.
Çempionatdan öň Mbappeniň bahasy 160 million ýewro deňdi.
Çempionatdan soňra iň gymmat futbolçylaryň onlugy:
- Killian Mbappe – 180 million ýewro
- Erling Holand – 170 million ýewro.
- Winisuis Žunior – 120 million ýewro.
- Jud Bellingam – 110 million ýewro.
- Fil Foden – 110 million ýewro.
- Pedri – 100 million ýewro.
- Jamal Musiala – 100 million ýewro.
- Bukaýo Saka – 100 million ýewro.
- Federiko Walwerde – 100 million ýewro.
- Gawi – 90 million ýewro.
